24 679 göwherden ybarat ýüzük Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 19.07.2022 18:51
  • 22k+

Hindistanyň altyn-kümüş kompaniýasynyň önümi göwher sany boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu ýüzük 24 679 daşdan durýar diýlip, rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär. Muny centralasia.media ýetirýär.

Ýüzük “Ami” diýlip atlandyrylýar we bu sanskrit dilinde “bakylyk” manysyny berýär. Önümiň dizaýny gülgüne kömelege esaslanýar. 

“Kömelek bakylygy we uzak ömri aňladýar” – diýip, SWA Diamonds kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Abdul Gafur Anadiýan aýdýar.

Agramy, takmynan, 340 gram bolan ýüzük SWA Diamonds tarapyndan $95 243 bilen bahalandyryldy.


düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....