Mejlis täze kanunlaryň birnäçesiniň taslamalaryny makullady

  • 18.07.2022 07:32
  • 31k+

16-njy iýulda sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar «Elektron hökümet hakynda» hem-de «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar. «Elektron hökümet hakynda» resminama ara alnyp maslahatlaşylanda bu Kanunyň taslamasynyň elektron hökümetiniň işiniň tertibini kadalaşdyrýandygy hem-de Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygy nygtaldy. 
«Itçilik we kinologiýa işi hakyndaky» Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bolup durýan türkmen alabaýlarynyň genofonduny aýawly saklap galmak boýunça uly işler ýerine ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, itçilik we kinologiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän täze Kanun möhüm ähmiýete eýedir. Bu resminamanyň maksatlarynyň biri-de itleri ýetişdirmekde we ulanmakda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin şertleri döretmekden ybaratdyr.
Mundan başga-da, deputatlar

  • «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetme girizmek hakynda»,
  • «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,
  • «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda»,
  • «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda»,
  • «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda»,
  • «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda»,
  • «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda»,
  • «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,
  • «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda»,
  • «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,
  • «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda»,
  • «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Milli Geňeşiň altynjy çagyrylyşynyň mejlisiniň nobatdaky maslahatynyň garamagyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......