Microsoft 2024-nji ýylda täze operasion sistemany hödürlemegi meýilleşdirýär

  • 17.07.2022 09:40
  • 6k+

Microsoft kompaniýasy üç ýyldan bir gezek Windows operasion sistemalaryň täze esasy wersiýalaryny çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň täze önümlerine ýöriteleşýän “Windows Central” neşiriniň habar bermegine görä, täze OS 2024-nji ýylda çykarylar. Bu barada TASS belleýär.

Neşiriň maglumatlary boýunça, öň täze operasion sistemany 2023-nji ýylda çykarmak meýilleşdirilipdi.
Şeýle-de, Microsoft indiki ýyl esasy täzelenmelerden daşary ýylyň dowamynda goşmaça funksiýalaryň girizilmegine mümkinçilik berjek täze prosesi ýola goýmagy meýilleşdirýär. Şeýle üýtgeşmeleri ýylda dört gezege çenli girizip bolar diýlip çaklanylýar.
Ýatlap geçsek, Microsoft soňky Windows 11 operasion sistemasyny 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda çykardy. 


düýn 15:19
978

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
775

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
997

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...

05.02.2026 02:14
781

Microsoft ahyrsoňunda 30 ýyllyk NTLM howpsuzlyk protokolyny öçürýär

Microsoft kompaniýasy Windows 11-iň geljekki wersiýalarynda könelen NTLM howpsuzlyk protokolynyň standart (default) ulanylyşyny bes etmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Bu ýerde gürrüň tehnologiýany doly aýyrmak barada däl-de, eýsem ulgamyň standart sazlamalarynyň üýtgedilmegi barada gidýär...