Türkmen we özbek Liderleriniň Bilelikdäki Beýannamasy haýsy ugurlary öz içine alýar?

  • 15.07.2022 15:54
  • 13k+

14-nji iýulda geçirilen Daşkent duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi. Onda nobatdaky saparyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryhy hem-de medeni taýdan umumylygyna, mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň yzygiderliligini üpjün etmekde aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Bilelikdäki Beýannamada türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýakyn geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän wezipeler dolulygyna beýan edilýär. Hususan-da, taraplar ýokary we iň ýokary derejelerde ysnyşykly gatnaşyklary saklamagyň, iki döwletiň daşary syýasy işini utgaşdyrmagyň hem-de häzirki zaman howplaryna we wehimlerine bilelikde garşy durmak babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Şunda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Gyrgyzystanda geçiriljek nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň ähmiýetine-de aýratyn üns çekildi. Resminamada Özbegistanyň Prezidentiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Samarkant şäherinde geçiriljek mejlisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy hem öz beýanyny tapdy.

Jemi 25 bölümi özünde jemleýän Bilelikdäki Beýannamada syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag, energetika ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Taraplar, hususan-da, özara haryt dolanyşygyny artdyrmagy, senagat kooperasiýasyny ilerletmegi, iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky hereketleri ýygjamlaşdyrmagy, Owganystanyň halkyna hemmetaraplaýyn halkara ynsanperwerlik kömegini bermegi, halkara we sebit düzümleriniň meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak tejribesini dowam etdirmegi maksat edinýärler. Şeýle-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň Medeniýet we kino günlerini yzygiderli esasda geçirmek, ylmy edaralaryň, çeperçilik, teatr toparlarynyň arasynda alyşmalary mundan beýläk-de giňeltmek barada ylalaşyk gazanyldy.


düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.9k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......