Panasonic ABŞ-da elektromobiller üçin batareýa öndürýän zawod gurmakçy bolýar

  • 15.07.2022 17:05
  • 11k+

Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-nyň Kanzas ştatynda 4 mlrd dollarlyk elektromobiller üçin akkumulýatorlary öndürýän zawod gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada “The Wall Street Journal” gazeti habar berýär diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, bu zawod akkumulýatorlaryň önümçiligi pudagynda iň uly kärhanalaryň biri bolar. Şol bir wagtyň özünde, ol 4 müňe çenli iş ornuny döreder diýlip çak edilýär.
Gazetiň belleýşi ýaly, Tesla elektromobilleri üçin batareýa öndürýän Panasonic-iň Newada ştatynda akkumulýatorlary çykarmak boýunça bu amerikan kompaniýasy bilen eýýäm bilelikdäki kärhanasy bar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....