2025-nji ýylda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty Tokioda geçiriler

  • 15.07.2022 16:09
  • 5.7k+

Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (World Athletics) Geňeşi Tokio şäherini 2025-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň hojaýyny hökmünde saýlady. Bu barada World Athletics-iň metbugat gullugy habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Şeýle karar geňeşiň Ýujinde (ABŞ, Oregon ştaty) geçirilen mejlisinde kabul edildi. Tokiodan başga-da, Naýrobi (Keniýa), Singapur we Sileziýa (Polşa) dünýä çempionatyny geçirmäge dalaş etdi. 

“2025-nji ýyldaky ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge dalaşgärleriň örän güýçli sanawynyň arasynda Tokio ynandyryjy teklip hödürledi. Men bu Ýaponiýa üçin ýagty yşyk bolar diýip umyt edýärin, sebäbi 2025-nji ýylda olar Ýaponiýanyň ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasynyň 100 ýyllygyny bellemek bilen, dünýä derejesindäki ýeňil atletikany Tokiodaky adamlara gaýtaryp berýärler” – diýip, World Athletics-iň prezidenti Sebastýan Kou belledi.

Şeýle-de, mejlisde 2024-nji we 2026-njy ýyllardaky ýeňil atletika krossy boýunça dünýä çempionatlarynyň hojaýynlary saýlandy, 2024-nji ýylda çempionaty Horwatiýanyň Medulin we Pula şäherleri, 2026-njy ýylda Tallahassi amerikan şäheri (Florida ştaty) kabul eder.
Ýeňil atletika boýunça tomusky dünýä çempionaty 15-nji iýulda Ýujinde başlaýar. Ilkibaşda bu ýaryş geçen ýylyň tomsunda geçirilmelidi, ýöne koronawirus pandemiýasy we Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna sene taýdan ýakynlygy sebäpli giçki möhlete süýşürildi. 2023-nji ýylda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty Budapeştde geçiriler.


29.04.2026 14:40
1.7k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

27.04.2026 01:02
1.6k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

21.04.2026 23:24
2.4k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....

15.04.2026 16:27
6.6k+

18 ýaşynda Useýn Boltdan hem çakgan: awstraliýaly ylgawçy ýamaýkaly türgeniň ýetginjekleriň arasyndaky rekordyny täzeledi

Sidneýde geçirilen ýaryşlarda 18 ýaşly awstraliýaly sprinter (ylgawçy) Gout Gout 200 metr aralygy 19,67 sekuntda geçip, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda täze resmi dünýä rekordyny goýdy. Ýaş türgen diňe bir......