BMG Merkezi we Günorta Aziýanyň özara gatnaşyklarynda Owganystanyň orny hakynda Rezolýusiýa kabul etdi

  • 14.07.2022 08:11
  • 7.4k+

Özbegistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary berkitmek hakyndaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegini makullaýar, onda iki sebitiň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakda Owganystanyň wajypdygy nazara alynýar. Bu barada Özbegistanyň DIM-niň "Dunýe" habarlar agentligi habar berýär.   

"BMG-niň Baş Assambleýasy Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda özara gatnaşyklary berkitmek hakyndaky ýörite Rezolýusiýany biragyzdan makullady" diýip, habarda aýdylýar.

Agentlikde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň  2021-nji ýylyň iýulynda geçen  "Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleriň özara gatnaşygy. Çagyryşlar we mümkinçilikler" atly Daşkent konferensiýasynda Rezolýusiýasyny kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürendigi ýatlanylýar. Resminama 40 ýurduň, şol sanda Russiýanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Pakistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň awtordaşlygynda işlenip taýýarlandy.

"Şeýle-de, Rezolýusiýada Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakda Owganystanyň ornunyň, şeýle hem parahatçylygy we durnuklylygy pugta üpjün etmek üçin sebitara ykdysady öňe gidişliklerde onuň ykdysady ösüşiniň we integrasiýasynyň möhümdigi göz öňünde tutulýar" -diýip, "Dunýe" belleýär.

Resminamada Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady ösüşi çaltlandyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we olaryň taýsyz ulag-üstaşyr we maýa goýum kuwwatyny amala aşymak üçin ulag we üstaşyr geçelgeleriň wajypdygynyň nygtalýandygyny agentlik sözüniň üstüne goşýar.


13.04.2026 11:59
8.9k+

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini nygtady

Awstriýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşyk geçirdi....

06.04.2026 23:45
5.5k+

Kabulda «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji mejlisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär....

21.03.2026 08:25
5.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

20-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär...

11.03.2026 23:51
4.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň wekili bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory jenap Peter wan Roý bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär...