18-19-njy iýulda Aşgabatda halkara ulag forumy geçiriler

  • 14.07.2022 12:25
  • 20k+

Şu ýylyň 18-19-njy iýulynda Söwda-senagat edarasynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew 13-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde bu forumyň halkara we sebitara derejede häzirki zaman ulag-logistika ulgamynyň hereketiniň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendigini belläp, oňa görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş komitetiniň üçünji mejlisiniň we Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran hem-de Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe geçelgeleri boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň birinji iş duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Maslahatyň gün tertibine ekologiýa, durnukly ösüş ulgamy, pudagy ösdürmekde ylmyň we bilimiň orny, sanlylaşdyrmak ýaly möhüm meseleler girizildi.
Döwlet Baştutany özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek halkara maslahatyň ähmiýetini nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi we ähli ugurdaş meseleleri öz wagtynda, utgaşykly çözmegi tabşyrdy.


şu gün 22:20
533

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

şu gün 13:44
1.9k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....