Hytaý howpsuz internet döretmekde kömek etmäge taýýar

  • 13.07.2022 12:06
  • 13k+

Hytaý howpsuz we açyk kibergiňişligi döretmek ugrunda beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada HHR-iň prezidenti Si Szinpin Bütindünýä internet konferensiýasynyň çäklerinde halkara iş toparyny işe girizmek dabarasynda aýtdy. Muny Regnum habarlar agentligi ýetirýär.

Onuň aýtmagyna görä, kibergiňişlik adamzadyň ykbalyna uly täsir edýär, bu giňişligiň geljegi bolsa dünýäniň ähli ýurtlary tarapyndan bilelikde döredilmeli.

“Hytaý halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde has adalatly we rasional, açyk we inklýuziw, howpsuz we durnukly, ýaşaýşa ukyply kibergiňişligiň gurluşygyny ilerletmäge taýýar” – diýip, Hytaýyň Merkezi telewideniýesi Si Szinpiniň sözlerini getirýär.

Ol iş toparynyň döredilmeginiň maglumat tehnologiýalarynyň çalt ösýän we kibergiňişlik gurşawynda halkara hyzmatdaşlygyň güýçlenýän döwründe möhüm çäredigini belledi.


01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....