Abe aradan çykansoň iň abraýly Ýokary Hrizantema ordeni bilen sylaglanar

  • 12.07.2022 14:50
  • 13k+

Janyna kast edilenden soň aradan çykan Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abe Ýaponiýanyň iň abraýly döwlet baýragy – Ýokary Hrizantema ordeni bilen sylaglanar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär. 

Bellenilişi ýaly, degişli karar ýurduň ministrler kabinetiniň mejlisinde kabul edildi. Abe zynjyrly Ýokary Hrizantema ordeni bilen sylaglanar – Ýaponiýada bu ordeniň şeýle görnüşi daşary ýurtlaryň baştutanlaryndan başgalara diňe aradan çykandan soň berilýär.
Bu ordeniň ömrüň dowamynda alyp bolýan görnüşi – uly lentalydyr. Onuň kawalerleri, aýratynam, imperator Aleksandr II, şa aýaly Ýelizaweta II, britaniýaly şazada Çarlz, Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýew, ABŞ-nyň öňki prezidenti Ronald Reýgandyr.


22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....