Nowak Jokowiç ýedinji gezek Uimbldonyň ýeňijisi boldy

  • 11.07.2022 19:45
  • 4.1k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Uimbldon ýaryşynyň finalynda awstraliýaly Nik Kirýosdan üstün çykyp, ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Duşuşygyň netijeleri — 4:6, 6:3, 6:4, 7:6 (7:3). Duşuşyk 3 sagat 4 minut dowam etdi.
Jokowiç Uimbldon ýaryşynyň bassyr dördünji gezek ýeňijisi boldy, umumylykda ol karýerasynda ýedinji gezek bu ýaryşda ýeňiji boldy. 35 ýaşly serbiýaly türgen Uly tuwalganyň 21-nji ýaryşynda ýeňiş gazandy.
27 ýaşly Kirýos ilkinji gezek Uly tuwalga ýaryşynyň finalyna ýetdi. Kirýos Rafael Nadal şikesi zerary ýarymfinaldan aýrylandan soň, finala çykmaga hukuk gazandy.
Ýaryşlaryň gaznasy 40 mln 350 müň funt sterlinge barabar.
Uly tuwalga ýaryşlarynyň tapgyrlary tennisde iň abraýlysy hasaplanylyp, dört ýaryşy birleşdirýär: Awstraliýanyň (Australian Open), Fransiýanyň (Roland Garros) we ABŞ-nyň (US Open) açyk çempionatlary, şeýle hem Beýik Britaniýanyň Uimbldon ýaryşy.


düýn 11:31
2.3k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.1k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......