Gurban we teşryk günleri

  • 09.07.2022 08:58
  • 48k+

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda pygamberimiz Muhammet alaýhyssalamyň: «Arafa, gurban we teşryk günleri musulmanlaryň baýram günleridir. Bu günler iýip-içip, baýram bellenilýän  günlerdir» diýen hadysy getirilýär. 

Gurban aýynyň dokuzynjy güni Arafa güni, onunjy güni bolsa Gurban baýramy günüdir.  Arafa gününiň sogaby babatda on müň güne barabardygy hakda alymlaryň pikirleri bar. Halkymyzyň arasynda Gurban baýramy aýratyn uly umyt bilen garşylanylýan toý-baýramlaryň biri bolup, bu baýrama täze lybasdan öňürti täp-tämiz kalp bilen barmak has eý görülýär. Bu günleri uly ruhubelentlik hem-de ýagty günlere, ýagşy pursatlara ynam-umyt, süýji arzuwlar bilen geçirmek ündelýär.  
Gurban baýramy güni ir bilen baýram namazy okalandan soňra, gurbanlyk kesilip başlanýar. Gurbanlyk gününden soňky üç güne bolsa «teşryk günleri» diýilýär. Ol Gurban aýynyň 11, 12, 13-nji günleridir. Şonuň üçin käbir musulman döwletlerinde Gurban baýramy dört gün bellenilýär. Muňa garamazdan, musulman alymlarynyň arasynda gurbanlyk janlynyň soýulmagy bilen bagly birnäçe pikirler bar. Ahmet ibn Hanbel, Mälik ibn Enes, Abu Hanife ýaly ýene birnäçe alymlar gurbanlyk janlysy diňe Gurban baýramy hem-de teşryk günleriniň başky iki gününde, ýagny türkmençilikde bellenilşi ýaly Gurbanlyk günlerinde soýulmalydyr diýen pikire eýerýär. Ymam Şafygy ýaly ýene köpsanly alymlar bolsa, teşryk gününiň ahyryna çenli (ýagny, Gurbanlygyň dördülenji güni) hem gurbanlyk janly soýubermelidir diýen düşünjä uýýarlar.  Pygamberimiziň hadyslaryna laýyklykda, bu günlerde iýip-içen her bir halal lukmaňyz üçin şükür etmekligiň özem sogaby uly ybadatlaryň biri hökmünde görülýär. Dileg-dogalaryň arasynda bolsa iň oňady hökmünde «Perwerdigärim, bize bu dünýäde-de, ahyretde-de diňe gowulyklary, gowy zatlary nesip et! Bizi dowzah azabyndan gora!»  (Rabbenä ätinä fid-dünýä haseneten, we fil-ahyrati haseneten, we kynä azäben-nar) diýen sözlerdigi beýan edilýär. Bu dileg-doga Bakara süresiniň 200-201-nji aýatlarydyr. Bu dileg-doga bu dünýäniň we ahyretiň ähli görnüşli haýyrlaryny özünde jemleýän iň täsirli dileg-doga hökmünde kabul edilýär. Üstesine, beýleki ýagşy dileg-dogalaryň ahyrynda hem bu aýatlary hökman okamaga endik edipdirler.
Bu dünýäniň iň haýyrly zatlary diýlende ilki bilen iman, saglyk, ylym, bolelin rysgal, agzybirlik, ahyretiň haýry diýlende bolsa behişt-uçmah göz öňünde tutulýar. Abu Musa Al-Aş’ary atly alymyň Gurbanlyk hutbasynyň arasynda: «Gurbanlyk hem-de teşryk günlerinde edilen dileg-dogalar hergiz yzyna boş gaýtarylmaz» diýendigi meşhurdyr. Şonuň üçin toý-baýram şatlygynyň ýany bilen dynuwsyz ýagşy dileg-dogalara berilmek has gowudyr. Bu günlerde agyz beklemek bolmaýar. Iýip-içip, eçilen nygmatlary üçin Biribara şükür edip, toý-baýram ruhunda geçirmek makul görülýär.

TmCars.info ähli türkmen halkyny musulmançylygyň iň uly baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Bu mübärek günlerde berjek gurbanlyklaryňyzy, sadakalaryňyzy, edýän dileg-dogalaryňyzy Allatagala kabul etsin! Ýeneki ýyllaryň toý-baýramlaryna jan saglygy, baş bitinligi, rysgal-nygmatlaryň bolelinligi bilen ýetirsin!


düýn 09:47
2.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanda täzelenişiň we galkynyşyň nyşany bolan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni dabaraly bellenilip geçilýär. Şanly baýram mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mähriban halkymyzy we ähli watandaşlarymyzy gyzgyn gutlady...

20.03.2026 11:48
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparyny tamamlap, Aşgabada dolandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostluk saparyny tamamlap, Türkmenistana gaýtdy. TDH agentliginiň habar bermegine görä, Pekindäki çärelerden soň, ol «Şoudu» halkara howa menziline baryp, ol ýerden Türkmenistana uçdy...

20.03.2026 07:48
5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Oraza baýramy bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanda ahlak we ruhy tämizligiň nyşany bolan mukaddes Oraza baýramy bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkyny we mähriban watandaşlarymyzy bu şanly baýram mynasybetli gutlady...

18.03.2026 20:05
3k+

Türkmenistan Minsk şäherindäki kitap ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy

Türkmenistanyň ilçihanasy 17-nji martda açylan XXXIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy. Bu barada Orient habarlar agentligi habar berýär. Şu ýyl bu forum Belarusyň paýtagtynyň administratiw toplumynda geçirilýär we oňa 23 ýurtdan 500-e golaý gatnaşyjy ýygnandy...