Rianna ABŞ-nyň iň ýaş self-made milliarderi boldy

  • 08.07.2022 10:27
  • 26k+

Amerikaly aýdymçy Rianna ABŞ-da iň ýaş self-made milliarder diýlip yglan edildi. Ol “Forbes-iň” wersiýasyna görä, özbaşdak üstünlik gazanmagy başaran iň baý aýallaryň sanawyna girizildi diýip, afisha.bigmir.net habar berýär.

Riannanyň baýlygy 1,4 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. 2022-nji ýylda aýdymçy 40 ýaşdan kiçi ýeke-täk milliarder bolup, “Forbes” sanawynda 21-nji orny eýeledi. Rianna 34 ýaşynda.
Ýeri gelende bellesek, artistiň baýlygy diňe bir aýdym-sazdan gelýän girdejiden ybarat däl. Rianna Fenty Beauty we Fenty Skin kosmetika brendleriniň, şeýle-de Savage X Fenty brendiniň eýesidir.
2018-nji ýylda ABŞ-da baýlygyny özbaşdak gazanan iň ýaş milliarder Kim Kardaşýanyň kiçi dogany – şol wagt 21 ýaşyndaky Kaýli Jenner boldy. Ýöne reýting neşir edilenden gysga wagtdan soň, onuň emläginiň gaýtadan hasaplanandygy we netijede 1 mlrd dollara ýetmändigi sebäpli, ol milliard baýlyga eýe bolanlaryň sanawyndan aýryldy.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......