Bilim ministrligi Türkmenistanda diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny täzeledi

  • 06.07.2022 12:55
  • 76k+

Türkmenistanda diplomy ykrar edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň täzelenen sanawyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň 1600-den gowrak okuw jaýlary girizildi. Sanaw  Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda dolulygyna neşir edildi diýip, Turkmenportal habar berýär.

2022-nji ýyl üçin ýokary okuw mekdepleriniň sanawy uniwersitetleriň iki sany has abraýly ählumumy reýtingi bolan — Academic Ranking of World Universities we QS World University Rankings reýtingleri esasynda düzüldi.
Bilim ministrliginiň saýtynda şeýle hem Türkmenistanda diplomy ykrar etdirmegiň tertibi bilen tanşyp bilersiňiz.
Diplomy ykrar edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň doly sanawyny şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......