Counterpoint: global smartfon üpjünçiligi maý aýynda ýyllyk hasabynda 10% azaldy

  • 03.07.2022 10:59
  • 6k+

Counterpoint kompaniýasynyň analitikleri dünýäniň smartfon bazaryndaky ýagdaý barada gürrüň berdiler. Bu barada kompaniýanyň saýtyndaky hasabatda aýdylýar diýip, lenta.ru habar berýär.

Firmanyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, maý aýynda global bazarda smartfon üpjünçiligi 100 mln birlikden aşak düşdi – bu soňky 10 ýylda ikinji gezek bolýar. Üpjünçilik 96 mln gurluşa çenli – aýlyk hasabynda 4 göterim we ýyllyk hasabynda 10 göterim azaldy. 
Bazardaky şeýle ýagdaý toplumy düzüjileriň ýetmezçiligi, inflýasiýanyň ýokarlanmagy, Hytaýda önümçiligiň ösüşiniň haýallanmagy we Ukrainadaky çökgünlik bilen baglanyşyklydyr. Analitikler smartfon bazarynyň heniz pandemiýadan öňki derejä ýetmändigini belleýärler. 2021-nji ýylda oňa üpjünçiligiň çäklendirilmegi we koronawirus çäklendirmeleri täsirini ýetirdi.
Hünärmenleriň pikiriçe, smartfon bazaryndaky peselme tutuş tomus dowam eder, ýöne ýagdaý ýylyň ikinji ýarymynda durnuklaşar. Muny Aziýada önümçiligiň kadalaşmagy we täze logistika zynjyrlarynyň ýola goýulmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

düýn 20:25
2.3k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......