Toyota konserniniň global satuwy bassyr dokuzynjy aý peselýär

  • 02.07.2022 12:34
  • 7.6k+

Toyota kompaniýasy maý aýy üçin awtomobil satuwynyň we önümçiliginiň görkezijileri bilen hasabatyny neşir etdi. Global satuwyň pese gaçyşy bassyr dokuzynjy aý dowam edýär. Ol mikroçipleriň ýetmezçiligi, şeýle-de täze koronawirus ýaýrawy we karantin çäreleri bilen baglanyşyklydyr diýip, mag.auto.ru habar berýär.

Maý aýynda Ýaponiýanyň awtoulag ägirdi 761 466 ulag satdy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 9,4% azdyr. Meýilleşdirilen 700 000 awtomobiliň deregine geçen aý 634 940 awtomobil ýygnaldy. Onuň üstesine-de, Ýaponiýada önümçilik 28,5% (144 204 awtoulaga çenli) azaldy, beýleki ýurtlarda 4,6% (490 736 awtoulaga çenli) artdy. Geçen aý Toyota-nyň satuwy Ýaponiýada 86 544 awtomobil boldy. Bu 2021-nji ýylyň maý aýyndaky netijeden 20%-den gowrak ýaramazdyr. Beýleki ýurtlarda satuw 7,7% azalyp, 674 922 awtoulag boldy.   
Şu aýyň başynda Toyota iýul aýynda awtomobil önümçiliginiň meýilleşdirilen göwrümine çykyp bilmejekdigini habar berdi. Tutuş dünýäde zawodlardan 850 000 awtomobiliň deregine 800 000 awtomobil çykyp biler. Şeýle-de bolsa, kompaniýa 2022-nji ýylda 9,7 mln awtomobil ýygnamak meýilnamasyny güýjünde saklaýar.   


05.06.2026 00:37
7.3k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
2.8k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

04.06.2026 14:32
2.8k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

29.05.2026 16:35
6.6k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......