Ilon Maskyň Twitter-däki abunaçylarynyň sany 100 milliondan geçdi

  • 02.07.2022 12:08
  • 5.6k+

Ilon Maskyň Twitter-däki resmi akkauntynyň abunaçylarynyň sany 100 milliondan geçdi diýip, Aroged portaly habar berýär.

Basym Mask Twitter-däki iň meşhur adamlaryň bäşligine girse gerek — altynjy ýerde duran milliarder bilen bäşligi soňlaýan meşhur futbolçy Kriştianu Ronaldunyň arasyndaky tapawut bary-ýogy 1,3 million abunaçydan ybarat diýip bellenýär.
2018-nji ýylyň başynda Maskyň sahypasyna 18 million abunaçy ýazylypdy, Twitter-i satyn almak hakynda ylalaşyga gol çekilen pursady bolsa milliarderiň sosial tordaky abunaçylarynyň sany 83,6 million boldy.
Işewür öz sosial torlaryna we birgiden muşdaklaryna daýanyp, gymmat bahaly kagyzlaryň we kriptowalýutanyň nyrhyna ençe gezek täsirini ýetirdi diýip, Aroged-iň awtorlary belleýär. Şeýle-de, Ilon Maskyň twitleriniň biri meşhurlygy boýunça platformanyň bütin taryhynda ikinji boldy  — 4,5 mln laýk jemledi.
Şonuň ýaly-da, Aroged portaly Ilon Maskyň 21-nji iýundan bäri Twitterinde hiç zat çap etmändigine üns berdi. Megerem, işewür sosial torlardan biraz çekilip, dynç almagy ýüregine düwen bolsa gerek, sebäbi ol öňem şunuň ýaly arakesmeler edýärdi.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

01.04.2026 15:29
916

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...