Türkmenistan syýahatçylyk ugurly iri halkara çärelere gatnaşar

  • 02.07.2022 14:10
  • 18k+

Türkmenistanyň syýahatçylyk düzümini dünýäniň syýahatçylyk taýdan ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, pudakda hususy kärhanalaryň işini ösdürmek we mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde we ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçiriljek halkara syýahatçylyk sergilerine hem-de şu ýylyň oktýabr aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ministrler derejesindäki maslahata gatnaşmak göz öňünde tutulýar. 

1-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda bellenilişi ýaly, mundan başga-da, geljekde hususy syýahatçylyk kärhanalary tarapyndan Hazarýaka döwletleriň arasynda syýahatçylyk gezelençlerini guramak boýunça täze ugurlary öwrenmek meýilleşdirilýär. Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, baý taryhy-medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek we ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmek maksady bilen, 2023-nji ýylda halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutany Türkmenistanda döwrebap syýahatçylyk düzüminiň kemala getirilmeginiň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurdumyza täzeçil tehnologiýalary çekmegiň we milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ugrudygyny belläp, bu babatda wise-peremýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


düýn 16:01
2.4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

düýn 14:30
1.1k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......

düýn 00:07
6.6k+

Gresiýanyň kenarlarynda ýatylýan oturgyçlary we saýawanlary ulanmak gadagan edildi

Gresiýanyň häkimiýetleri kenarýaka zolaklary goramak baradaky täze düzgünleriň çäginde ýurduň 251 sany plýažynda şezlonglary (ýaylýan oturgyçlary) we Günden goraýan saýawanlary ulanmagy düýbünden gadagan etdi....

23.05.2026 22:00
2.8k+

Syýahatçylar Italiýany dünýädäki iň datly tagamlaryň ýurdy diýip ykrar etdiler

Dürli ýurtlaryň syýahatçylyk hünärmenleri we jahankeşdeleri Italiýa dünýäniň iň gowy iýmit-tagam ugry diýip atlandyrdylar. Şeýle-de meşhur Travel+Leisure neşiriniň geçiren täze sowalnamasynyň netijesinde hem......