Marynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň synag barlaghanasynyň täze binasy gurlar

  • 02.07.2022 13:11
  • 15k+

Hökümetiň 1-nji iýulda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Muhammedow Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasy üçin täze, döwrebap binany gurmak hem-de ony zerur enjamlar bilen üpjün etmek teklibini döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Bellenilişi ýaly, geljekde bu guramanyň düzüminde düzümleýin üýtgetmeleri geçirmegiň hasabyna mebel, metal, nebit önümlerini synagdan geçiriş bölümlerini döretmek göz öňünde tutulýar.

“Mary welaýatynyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Döwlet synag barlaghanasynyň täze binasynyň gurulmagy we onuň degişli derejede enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň bu gullugynyň sazlaşykly ösüşine, bir bitewi ölçeg ulgamynyň üpjün edilmegine, bölümiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň halkara talaplara laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berer” diýip, döwlet Baştutany bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......