Hywa yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edildi

  • 01.07.2022 09:53
  • 12k+

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sessiýasynda Özbegistanda ýerleşýän Hywa şäheri 2024-nji ýylda yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edildi. Bu barada respublikanyň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär diýip, centralasia.media belleýär.

Bakuwda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XI sessiýasynda ilkinji gezek Hywany “Yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty” diýip yglan etmek kararyna gelindi. Yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty adyna bäş şäher – Abu-Dabi, Şanliurfa, Lagos, Duşanbe we Hywa dalaş etdi. Soňky ýyl bu şäherleriň arasynda nominasiýada ýeňiş gazanmak ugrunda dartgynly göreş boldy. 
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan syýahatçylyk pudagynda geçirilen özgertmeleri – wiza režiminiň ýeňilleşdirilmegini, medeni mirasyň goralyp saklanmagyny we taryhy şäherleriň abadanlaşdyrylmagyny ýeňiş üçin esasy şertler hökmünde ykrar etdiler.
Aýratynam, Hywanyň taryhy keşbini dikeltmek boýunça geçirilen işler, dikeldiş we gorap saklaýyş işleri, syýahatçylar üçin şertleriň döredilmegi, infrastrukturanyň kämilleşdirilmegi, bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň, otelleriň gurluşygy bellenilip geçildi.

“Yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty ýylynda Hywa şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza 57 döwletiň syýahatçylyk ministrleriniň we syýahatçylyk administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi, Özbegistan Respublikasynda zyýarat syýahatçylygynyň potensialyny açyp görkezýän ylmy konferensiýalar, amaly seminarlar, foto sergiler, art-ekspozisiýalary ýokary derejede guralyp geçiriler. 2018-nji ýylda Özbegistan Respublikasynyň prezidentiniň başlangyjy bilen esaslandyrylan “Ýüpek ýoly” halkara syýahatçylyk we medeni miras uniwersitetiniň bazasynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletlerden alymlaryň we gözlegçileriň gatnaşmagynda ylym we bilim pudagynda mümkinçilikleri açyp görkezmäge we giňeltmäge ýardam berýän birnäçe çäreler geçiriler” – diýip, Özbegistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, premýer-ministriň orunbasary, Syýahatçylyk we medeni miras ministri Aziz Abduhakimow belledi. 


10.06.2026 16:40
2.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......