Tokiodaky yssy howa 147 ýyllyk rekordy täzeledi

  • 01.07.2022 09:43
  • 23k+

Tokioda iýun aýynyň ahyrynda howanyň ortaça temperaturasy 1875-nji ýyldan bäri alnyp barylýan gözegçiligiň dowamynda bu döwür üçin rekord derejeli boldy. Bu barada “Nikkei” gazeti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Şeýlelikde, 21-nji iýundan başlap, 29-njy we 30-njy iýun üçin çaklamalary hasaba alyp, Tokioda gündelik ortaça temperatura Selsiý boýunça 32,8 gradus bolar. Öňki rekord Selsiý boýunça 30,8 gradus 1946-njy we 1963-nji ýyllarda goýuldy.
Iýun aýynda Ýaponiýanyň paýtagtynda yssy howa geçen hepdäniň ahyrynda ýagyş möwsümi tamamlanandan soň başlady. Paýtagt sebiti üçin bu ýagyş möwsümi 1951-nji ýyldan bäri iň gysgasy boldy. Geçen dynç günleri Ýaponiýanyň gündogaryndaky Isesaki şäherinde iýun aýy üçin absolýut temperatura rekordy goýuldy – ol Selsiý boýunça 40,1 gradus boldy.
Ýapon häkimiýetleri ýurduň ýaşaýjylaryny, aýratynam, garry adamlary saglyk ýagdaýlaryna ünsli garamaga, Günüň aşagynda köp gezmezlige we köpräk suw içmäge çagyrýar. 


18.06.2026 22:13
4.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

15.06.2026 15:47
10k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....