NASA Aýa Capstone enjamyny uçurdy

  • 01.07.2022 09:41
  • 4.9k+

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça edarasy (NASA) sişenbe güni Capstone enjamyny Aýa üstünlikli uçurdy. Bu barada TASS habar berýär.

Ýaýlym NASA-nyň saýtynda görkezildi. Enjamyň uçurylyşy Täze Zelandiýanyň Mahiýa ýarym adasyndaky kosmodromdan ABŞ-nyň Gündogar kenarynyň wagty bilen sagat 5:55-de Rocket Lab amerikan kompaniýasynyň Electron raketa göterijisiniň kömegi bilen amala aşyryldy. 
Ilkibaşdaky meýilnamalara laýyklykda Capstone öz missiýasyna 31-nji maýdan 22-nji iýun aralygynda başlamalydy, ýöne uçuşa taýýarlyk görmek boýunça goşmaça işleri geçirmegiň zerurlygy sebäpli ol birnäçe gezek yza süýşürildi.
Capstone enjamy geljekki Gateway stansiýasy üçin orbitany ölçemäge kömek etmeli. Onuň agramy 25 kg barabar. NASA Capstone üç aýyň içinde bellenilen maksada ýetip, Aý orbitasynda azyndan ýarym ýyl bolar diýip çaklaýar.
NASA 2019-njy ýylyň ýazynda Artemis adyny alan astronawtlary Aýa gondurmak programmasynyň üç tapgyry öz içine alýandygyny habar berdi. Birinjisi – täze Space Launch System raketa göterijisiniň kömegi bilen Orion gämisini kosmosa çykarmak, ol dolandyrylmaýan režimde Aýyň daşyna birnäçe gezek aýlaw edip, Ýere gaýdyp geler. Ikinjisi – Ýeriň tebigy hemrasyna ekipažly uçmak, bu 2023-nji ýyla meýilleşdirilýär. Üçünji tapgyrda 2025-nji ýylda NASA astronawtlary Aýa eltmegi, soňra olary 2030-njy ýyllaryň ortalarynda Marsa ibermegi göz öňünde tutýar.


31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.5k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.4k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......

28.05.2026 19:00
1k+

NASA Aý bazasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady

NASA 2026-njy ýylda Aýa tarap guraljak üç sany uçarmansyz uçuşy mälim etdi we gymmaty 20 milliard dollar bolan Aý bazasyny döretmek maksatnamasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady....