Eýranyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri Aşgabatda duşuşyk geçirdiler

  • 30.06.2022 11:01
  • 15k+

29-njy iýunda Aşgabatda altynjy Hazar sammitiniň çäklerinde Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda Prezident Raisi iki ýurduň arasyndaky mümkinçilikleriň häzirki gatnaşyklaryň derejesinden has ýokarydygyny nygtap, «syýasy, ykdysady, medeni we söwda ulgamlarynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üiçn bu mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny» beýan etdi.
Öz gezeginde, Ilham Aliýew birnäçe ugurlarda, hususan-da, ulag, energetika we beýleki ulgamlarda oňyn netijeleriň gazanylandygyny belledi. Şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti iki halkyň umumy taryhynyň özara gatnaşyklar üçin ajaýyp binýatdygyny nygtady.
Raisi Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşyklary geçirdi.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......