«Formula-1» sintetiki ýangyja geçer

  • 30.06.2022 15:17
  • 6.1k+

2019-njy ýylda «Formula-1» çempionatyň durmuşa geçirjek has giň ekologiki strategiýasynyň çäginde 2030-njy ýyla çenli uglerod bitaraplygyny gazanmakçydygyny mälim etdi. 

Day.Az-yň habar bermegine görä, şondan bäri üç ýyl geçdi we bu döwürde öňde goýlan maksatlara ýetmekde uly işler durmuşa geçirildi we Beýik Britaniýanyň Gran-prisinden öň çempionatyň ýolbaşçylygy ekologiýa gurşawynda geljekki işleriň meýilnamalary barada ýatlatmak isleýär.
Möwsümiň dowamynda paddokda we bokslarda bu programma bagyşlanan täze logotipler görkeziler, sebäbi çempionatyň ýolbaşçylygy awtosport jemgyýetiniň we tutuş dünýäniň ekologiki başlangyçlardan habarly bolmagyny isleýär.
“Formula-1-iň” metbugat relizinde bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylda çempionatyň toparlarynyň geçjek indiki nesil gibrid hereketlendirijileri doly sintetiki ýangyçda işlär. Häzir şeýle ýangyç taýýarlanylýar we geljekde ol dünýä derejesinde içerki ýangyç hereketlendirijilerinde ulanylyp bilner, bu hem awtomobil senagatyna atmosfera goýberilýän zyýanly zyňyndylary azaltmaga kömek eder. 
Täze ýangyjy taýýarlaýjylaryň öňünde duran wezipäniň esasy özeni ony häzirki hereketlendirijilerde ulanyp bilmek mümkinçiliginiň bolmagydyr.
Bu möhüm pursatdyr, sebäbi ulaglaryň elektrikleşdirilmegine garamazdan, dünýäde içerki ýangyç hereketlendirijileri heniz uzak wagtlap peýdalanylar. Indiki onýyllykda ösen ýurtlaryň köpüsinde şeýle hereketlendirijileri bolan awtomobilleriň satuwyny gadagan etmek göz öňünde tutulsa-da, hasaplamalara görä, 2040-njy ýyla çenli dünýä ýollarynda elektromobilleriň paýy 30%-den geçmez. 


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....