Werstappen Las-Wegasyň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Norris we Piastri diskwalifikasiýa edildi

  • 23.11.2025 23:48
  • 1.8k+

Dünýäniň dört gezek çempiony, “Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň Las-Wegasyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Bu ýeňiş onuň üçin karýerasynda 69-njy we häzirki möwsümde altynjy boldy.

Werstappen ýaryşa ikinji orundan başlady, ýöne birinji öwrümde Lando Norris (“Maklaren”) ýalňyşlyk goýberip, daşyna çykandan soň derrew öňdebaryjy boldy. Şol pursat Norris Jorj Rasselliň (“Mersedes”) hem öňe geçmegine ýol berdi, ýöne birnäçe pit-stopdan soň öz ornuny dikeltdi.
Şeýlelikde, Norris pellehana ikinji bolup geldi, üçünji Rassell boldy. Oskar Piastri (“Maklaren”) ýaryşy dördünji orunda tamamlady. Şowsuz kwalifikasiýa sebäpli ýaryşa soňky orundan başlan ýedi gezek dünýä çempiony, britaniýaly Lýuis Hemilton (“Ferrari”) onunjy orna çykdy.
Ýaryşdan soň Norris bilen Piastriniň awtomobilleriniň tehniki düzgünlere laýyk gelmeýändigi belli boldy. Şol sebäpli “Maklareniň” iki sürüjisi-de diskwalifikasiýa edildi. Tehniki barlag olaryň awtoulaglarynyň aşaky bölegindäki ýörite plankanyň bellenilen iň az görkezijiden – 9 mm-den inçedigini görkezdi.
Şondan soň ýaryşyň netijesi üýtgedi: Jorj Rassell ikinji orna çykdy, Kimi Antonelli üçünji, Şarl Lekler dördünji, Karlos Saýns bäşinji boldy.
Umumy sanawda Lando Norris 390 utuk bilen öňdebaryjylygy saklady. Oskar Piastri bilen Maks Werstappen indi 366 utuk bilen ikinji we üçünji orunlary paýlaşýar. “Maklaren” ozal Konstruktorlaryň kubogynda möhletinden ir ýeňiş gazanypdy.
Möwsümiň tamamlanmagyna iki tapgyr galdy, indiki ýaryş 30-njy noýabrda Katarda geçiriler.


15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
10k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.6k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

15.06.2026 10:43
10k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......