Formula 1-de Williams topary 2026-njy ýyldan adyny üýtgeder we taryhy logotipini dikelder

  • 08.11.2025 08:03
  • 1.5k+

Formula 1-iň Williams topary 2026-njy ýyldan başlap täze at bilen çykyş etjekdigini yglan etdi. Häzirki Atlassian Williams Racing adynyň ýerine topar Atlassian Williams F1 Team ady bilen tanalar.

Şeýle hem, Williams taryhy ýeňişleriniň döwri bilen baglanyşykly nusgawy nyşanyna dolanýar. Häzirki “W” logotipi, Frenk Williams tarapyndan 1977-nji ýylda ilkinji gezek ulanylan we häzirki zaman görnüşinde täzeden işlenilen “Forward W” nyşany bilen çalşyrylýar.
Bu möwsümde toparyň düzüminde Karlos Saýns we Aleksandr Albon çykyş edýärler. Olar sürüjileriň şahsy sanawynda degişlilikde 11-nji we 8-nji orunlarda barýarlar. Williams Konstruktorlar Kubogynda ilkinji bäşlikde ýerleşýär, MakLaren bolsa eýýäm çempionlygy gazanypdy.
Williams soňky gezek dünýä çempionlygyny 1997-nji ýylda eýeläpdi.


düýn 19:42
1k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....