Jokowiç «Uly tuwulga» ýaryşlarynda ýeňişleriniň sany boýunça rekord goýdy

  • 29.06.2022 19:05
  • 6.6k+

Serbiýaly Nowak Jokowiç Beýik Britaniýanyň Tennis boýunça açyk çempionatynyň (Uimbldon) ikinji aýlawyna çykdy. Birinji aýlawyň oýnunda ol günorta koreýaly Kwon Sun-wu-dan zor çykdy.

Duşuşyk iki ýarym sagat dowam edip, 6:3, 3:6, 6:3, 6:4 hasap bilen tamamlandy.  Uimbldonda bijesi birinji çykan Jokowiç, 15 gezek urguda utdy, iki sany goşa ýalňyşlyk goýberdi we sekiz breýk-pointden  dördüsine amal etdi. Koreýaly (Professional tennisçileriň assosiasiasynda 81-nji belgili) ýedi eýsi ýerine ýetirdi, bäş sany ýalňyşlyk goýberdi we alty breýk-pointden ikisine amal etdi.
Awstraliýaly Tanasi Kokkinakis (PTA-nyň sanawynda 79-njy belgili) Jokowiçiň (dünýäniň üçünji raketkasy) indiki bäsdeşi bolar, ol birinji aýlawda Polşanyň wekili Kamil Maýhşaky (dünýäniň togsan birinji raketkasy) 7:6 (7:5), 6:2, 7:5 hasap bilen utdy.
Jokowiç tennisiň taryhynda ilkinji gezek «Uly tuwulga» serialarynda dört turniriň hersinde 80 ýeňiş gazandy. Uimbldonda Kwon Sun-wu-dan üstün çykmagy serbiýaly türgeniň 80-nji ýeňşi boldy. Şonuň ýaly-da, Jokowiçiň üstünlik gaznasynda Australian Open-den 82, «Rolan Garros»-dan 85, US Open-den 81 ýeňşi bar. 


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......