Apple 2021-nji ýylda diňe iPhone-yň üsti bilen Microsoft-dan köp girdeji gazandy

  • 29.06.2022 19:02
  • 11k+

Dogry 15 ýyl mundan ozal, 2007-nji ýylyň 29-njy iýunynda ABŞ-da birinji nesliň iPhone smartfonlarynyň satuwy başlandy. Bu gurluş Apple kompaniýasynyň taryhynda iň girdejili önüm boldy. Diňe 2021-nji ýylda ol kompaniýa Microsoft ýa-da General Motors ýaly dünýäniň uly kompaniýalarynyň girdejisinden köp girdeji getirdi diýip, 3dnews.ru belleýär.

“Kommersantyň” Germaniýanyň “Statista” statistika serwisiniň maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, 2021-nji ýylyň jemi boýunça iPhone satuwy 191,9 mlrd dollara ýetdi. Apple-iň diňe bir önüminden gazanan girdejisi uly kompaniýalaryň girdejilerinden ýokary boldy. 2021-nji maliýe ýylynda kompaniýanyň umumy girdejisi 365 mlrd dollara barabar boldy.

Häzirki wagta çenli dünýäniň smartfon bazarynda iPhone-yň paýy 17,4%-e deňdi, bu dünýäde her bäşinji smartfony diýen ýaly Apple-iň öndürýändigini aňladýar. 15 ýylyň dowamynda kompaniýa 2 milliarddan gowrak iPhone satdy, olaryň umumy bahasy 1,5 trln dollardan geçdi. 


03.05.2026 16:10
2.9k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....

30.04.2026 07:20
2.1k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

29.04.2026 15:00
1.3k+

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......

21.04.2026 14:43
3.7k+

Tim Kuk Apple-iň ýolbaşçysy wezipesinden gider. Onuň ornuny Jon Ternus eýelär

Apple kompaniýasy baş direktoryň çalşylýandygyny yglan etdi: 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesine Jon Ternus geçer. Soňky 15 ýylyň dowamynda Apple-e ýolbaşçylyk eden......