Özbegistanda 40 gradus yssy howa sebäpli otlularyň tizligi çäklendirildi

  • 29.06.2022 06:12
  • 16k+

Özbegistanda howanyň yssylygy sebäpli, demirýol düşeginiň polat bölekleriniň temperaturasy adatdakysyndan has ýokary bolar. Şunuň bilen baglylykda otlularyň tizligi çäklendirilýär diýip, “Özbek demir ýollary” kompaniýasy habar berýär. Muny rbc.ru ýetirýär.

“Hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen “O’ztemiryo’lyo’lovchi” açyk paýdarlar jemgyýetiniň (“Özbek demir ýollarynyň” golçur kompaniýasy) ýolbaşçylygy otlularyň hereketiniň tizliginiň çäklendirilýändigini habar berýär, bu ýerli we halkara gatnawlary amala aşyrýan otlularyň hereketiniň tertibine täsir eder” – diýlip, habarda aýdylýar.

Kompaniýa otlularyň bellenilen nokada giç baryp biljekdigini belleýär.
Özbegistanyň Gidrometeorologiýa merkeziniň maglumatlaryna görä, iýun aýynyň ahyrynda Özbegistanyň çäginde yssy howa dowam eder – gündiz temperatura +42 gradusa, ýurduň günortasynda bolsa +45 gradusa ýeter.
Gidrometeorologiýa merkezi iýun aýynyň 25-inden awgust aýynyň 5-i aralygynyň Özbegistanda, adatça, ýylyň iň yssy döwrüdigini belleýär. Ol “çillýa” (pars dilinden terjime edilende “kyrk gün”) diýlip atlandyrylýar.


03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

26.05.2026 19:02
7.5k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 09:51
3.7k+

Namangandaky halkara gül festiwaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Özbegistanyň Namangan şäherinde geçirilen 65-nji halkara gül festiwaly, onuň guralmagy üçin bir aýyň dowamynda 29,4 milliondan gowrak ösümlik oturdylandan soň, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi....

24.05.2026 15:35
11k+

13 ýaşly özbek mekdep okuwçysy kitaba bolan söýgüsi üçin BYD Chazor-a mynasyp boldy

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Peşkun etrabyndan 13 ýaşly Farzona Nasirowa respublika derejesinde geçirilen "Ýaş kitaphon" (Yosh kitobxon) bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat......