“Wimbledon” tennis ýaryşyna 145 ýyl doldy

  • 29.06.2022 06:09
  • 3.1k+

Zenan şlýapalarynyň dabarasy, gaýmak bilen ýertudana, uly nobatlar we berk dress-kod – bularyň ählisi Wimbledonyň tennis ýaryşydyr. 145 ýyl mundan ozal ilkinji oýunlar Angliýanyň otunda oýnaldy. Bu iň gadymy tennis ýaryşynyň däpleriniň üýtgewsizligi barada MIR24-iň sport synçysy Giwi Twaltwadze gürrüň berdi. 

“Wimbledon” – bu adynda “Open” goşundysy bolmadyk ýeke-täk, özboluşly tennis ýaryşy. Bir ýarym asyryň içinde bu ýerde hiç zat üýtgemedi diýen ýaly. Bu ýaryşyň esasy aýratynlygy otlardyr. Bu ýerde oňa aýratyn üns bilen garalýar. Ol Ýorkşir graflygynda ösdürilýär, tehnologiýasy bolsa gizlin saklanylýar. 

“Ota diňe men, meniň toparym we tennisçiler el degrip bilýär. Muňa berk gözegçilik edilýär. Bizde dynç güni asla bolmaýar diýen ýaly. Eger biz ota seretmegimizi bes etsek, ol öler” – diýip, “Wimbledonyň” kortlarynyň esasy gözegçisi Nil Stabli aýdýar.

Ösümlik emeli ýagtylykda ösmeýär. Bu ýerde jenaplar we hanymlar diýlip atlandyrylýan tennisçiler üçin hem aýratyn düzgünler hereket edýär. Olar oýna diňe ak eşikde gatnaşyp bilýärler. 
“Wimbledonyň” öz goragçysy hem bar. Korta eýýäm birnäçe ýyl bäri Rufus atly gyrgy garawullyk edýär. 
Häzirki günde “Wimbledona” petek satyn almak üçin janköýerler çadyrlarda gijäni geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde, köp adamlar üçin ýaryşyň özi däl-de, atmosferasy has möhümdir. Bu ýerde tennisçilere we janköýerlere gaýmak bilen ýertudana hödür edilýär. Her paýda dogry on miwe bar. Olar ýörite ýaryş üçin Londondan uzak bolmadyk ýerde ösdürilip ýetişdirilýär. Iki hepdäniň dowamynda janköýerler 28 tonnadan gowrak ýertudana iýýärler.
Ine, eýýäm 145 ýyl bäri “Wimbledon” öz däp-dessurlaryny saklaýar. Häzirki wagtda bu kortlarda mahabat bolmadyk ýeke-täk tennis ýaryşydyr. Şeýle-de bolsa, bu ýaryş senenamada iň girdejilileriň biri bolmagynda galýar. 


düýn 11:31
2.3k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.1k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......