Dünýä belli ýyldyzlar Türkmenistanda konsert berer

  • 28.06.2022 18:04
  • 59k+

28-29-njy iýunda «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda daşary ýurtly belli estrada ýyldyzlarynyň, aýdym-saz, folklor, döredijilik toparlarynyň täsirli we gyzykly çykyşlary geçiriler.

28-nji iýunda sagat 20:00-da daşary ýurtly belli estrada ýyldyzlary Doktor Albanyň, Aýkonyň, Demet Akaliniň, Amani Suissiniň,  Emin Agalarowyň, Balkisiň, Mari Kraýmbreriň, Artik we Asti toparynyň, Jukebox Trionyň  şeýle hem Türkmenistanyň meşhur estrada aýdymçylarynyň bilelikdäki konserti geçirilýär.
29-njy iýunda sagat 15:00-da dünýä meşhur estrada ýyldyzlary Doktor Albanyň (Şwesiýa) we Aýkonyň (Amerikanyň Birleşen Ştatlary) bilelikdäki konserti geçirilýär.
Şeýle hem 29-njy iýunda sagat 20:00-da «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň aýdym-saz, folklor, döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti geçirilýär.
Konserte girişler tölegsizdir.
Konsertiň geçirilýän ýeri bolan «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasyna bökdençsiz barmak üçin Aşgabat şäherinden 72 belgili awtobus ugry hereket edýär.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......