Gün urmasyndan nädip goranmaly?

  • 28.06.2022 12:28
  • 29k+

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. TmCars.info yssy howada özüňi alyp barmak babatda Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Sag­ly­gy go­raý­şyň ha­bar­lar mer­ke­ziniň berýän maslahatlaryny dykgatyňyza ýetirýär.

To­mus möw­sü­min­de ho­wa­nyň aşa gyz­ma­gy­ ne­ti­je­sin­de Gü­nüň ýi­ti şöh­le­sin­den go­ran­mak ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. Şeý­le hem ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän şah­sy we jem­gy­ýet­çi­lik aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni do­ly we dog­ry ber­jaý et­me­li­dir. Gar­ta­şan we do­wam­ly ke­sel­le­ri bo­lan adam­lar luk­ma­nyň gö­zeg­çi­li­gin­de bol­ma­ly. Ki­çi ýaş­ly ça­ga­la­ra ho­wa­nyň aşa gy­zan ma­ha­lyn­da da­şa­ry çyk­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Möw­sü­me gö­rä açyk reňk­li, nah ma­ta­dan ti­ki­len eşik­le­ri ge­ýin­mek, Gü­nüň şöh­le­sin­den go­ran­mak üçin kel­lä baş­gap geý­mek, ýag­lyk da­ňyn­mak, sa­ýa­wan gö­ter­mek, aras­sa agyz su­wu­ny ýa­ny­ňyz bi­len al­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Şeý­le-de gü­nüň do­wa­myn­da ge­rek­li muk­dar­da — 2-2,5 lit­re çen­li aras­sa agyz su­wu­ny iç­me­li. Tom­suň ys­sy gün­le­rin­de daga, açyk meý­dan­la­ra ge­ze­lenç­le­ri gu­ra­maz­lyk, açyk meý­dan­da iş­le­ýän adam­la­ra möw­sü­me gö­rä ge­ýin­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
To­mus aý­la­ryn­da iý­mit önüm­le­ri­ne has üns­li bol­ma­ly. Gök-bak­ja önüm­le­ri­ni, mi­we­le­ri, süýt we süýt önüm­le­ri­ni köp­räk ulan­ma­ly. Ýag­ly we ajy ta­gam­lar­dan daşda bol­ma­ly. Ka­ka­dy­lan et we ba­lyk önüm­le­ri­ni, şöh­lady iý­mi­ti­ňiz­den aýyr­ma­ly. Na­har­lar, esasan, gaý­na­dy­lan we bug­la­nan gör­nü­şin­de taý­ýar­la­nyl­ma­ly­dyr.

 


20.06.2026 12:08
7.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......