Türkmenistan we Wýetnam işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýär

  • 28.06.2022 12:10
  • 8.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 27-nji iýunyndan 1-nji iýulyna çenli daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Wýetnam Sosialistik Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Onuň çäklerinde 27-nji iýunda Wýetnamyň DIM-niň binasynda türkmen wekiliýetiniň Wýetnamyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nguýen Min Wu bilen duşuşygy geçirildi.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny bellediler. Taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler. Bu ugurda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly mümkinçilikler tanyşmak we öwrenmek hem-de iki ýurduň arasyndaky Işewürler maslahatynyň hereketini ýola goýmak maksady bilen, söwda-ykdysady wekiliýetleri bilen alyşmak boýunça teklipler beýan edildi.

Şeýle hem taraplaryň medeniýet, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ygrarlydyklary nygtaldy.


düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....