Serdar Berdimuhamedow: “Suwdan tygşytly peýdalanmak üçin uzak ýaýlalardaky ekin meýdanlaryny azaltmaly”

  • 28.06.2022 12:04
  • 21k+

27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işler, galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm geçirmek, gowaça meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleri hem-de gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutany welaýatlaryň medeni zolaklarynda bar bolan ekerançylyk meýdanlarynyň çägini giňeltmegiň, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, suwdan tygşytly peýdalanmak maksady bilen, uzak ýaýlalarda we düzlüklerde ekilýän ekinleriň meýdanyny azaltmak meselelerini öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.       
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow  ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär, sebitlerde galla oragy bilen bir hatarda, gowaça meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, oba hojalyk tennikalary we gurallary bökdençsiz işledilýär.
Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dowam edýär. Balkan we Mary welaýatlarynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi batly depginde dowam edýär. Mundan başga-da, wise-premýer döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak işleriniň alnyp barylýandygy barada maglumat berdi.


düýn 14:21
3.2k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......