2022-nji ýylyň iýul aýynda hödürlenjek täze awtomobilleriň sanawy düzüldi

  • 27.06.2022 16:47
  • 22k+

Dünýäniň awtoulag bazary elektron çipleriň ýetmezçiliginden ep-esli zyýan çekdi, şeýle-de bolsa öndürijiler täze modelleri çykarmagy dowam etdirýärler. Carsweek portalynyň hünärmenleri premýerasy 2022-nji ýylyň iýul aýynda bolmaly iň täze bäş awtoulagyň sanawyny hödürlediler. Muny njcar.ru ýetirýär. 

Bu sanawy Chevrolet Colorado ZR2 açýar. Täze pikapyň premýerasy 28-nji iýula meýilleşdirilýär. Awtomobil täzeden işlenen dizaýna we islendik şertlerde hereket etmek üçin iň täze “Safari Bar” ulgamyna eýe boldy. 
Hyundai Creta bilen Kia Seltos-yň gönüden-göni bäsdeşi bolan täzelenen ykjam krossower Toyota Urban Cruiser Hyryder hem iýul aýynda hödürlener. Awtomobil döwrebap doly herekete geçiriji e-Four ulgamly Suzuki Global-C platformasyna esaslanýar.
Kämilleşdirilen Kia Seltos giňeldilen opsiýalar toplumy we üýtgedilen hereketlendiriji gammasy bilen öwnüp biler.
Täze Cadillac Lyriq krossoweri hem bir aýdan Hytaýyň bazaryna çykar. 
2 980 mm teker bazasy bilen uzynlygy 5 099 mm bolan üç hatarly premial kross-kupe Audi Q6 hem indiki aýyň ahyrynda HHR-de hödürlener. 


düýn 11:11
3.2k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
6.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 13:31
2.2k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......