Türkmenistanda "ýaşlar kärhanalaryna" ýeňillikler berler

  • 27.06.2022 12:52
  • 13k+

25-nji iýunda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine iş saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde işleýänleriň köpüsiniň ýaşlardygyny belläp, şunuň bilen baglylykda,  “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşine goşmaçalary girizmegiň teklip edilýändigini belledi. 

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmek üçin guralyň işlenip taýýarlanylýandygyny, eger-de, telekeçiler tarapyndan esaslandyrylan kärhanalaryň işgärleriniň 75 göterimi ýaşlardan ybarat bolsa ony “ýaşlar kärhanasy” diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny, şeýle kärhanalara döwlet goldawyny bermek üçin ýeňillikleriň göz öňünde tutuljakdygyny aýtdy.
Ösüp gelýän ýaş nesiller ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri has-da artdyrmak, berkarar Watanymyzyň at-abraýyny mundan beýläk-de belende götermek, milli medeniýetimizi ösdürmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaly däldirler diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şu günler eziz Diýarymyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan çäreleriň ähmiýetini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşlaryň döredijilikli zähmeti, göwnejaý dynç almagy ugrunda edilýän aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigini aýdyp, täze merkeziň gurluşygynda işleýänler üçin aýdym-sazly çykyşlaryň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......