Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky gezek Ahalyň täze merkezine bardy

  • 27.06.2022 10:07
  • 19k+

25-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hormatly Arkadagymyza bu ýerde alnyp barylýan işleriň netijeleri, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary barada maglumat berdiler.
Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk serişdeleri, binalaryň bezeg germewleriniň aýratynlyklary, şeýle hem täze şäheriň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde oturdyljak enjamlaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Soňra Gahryman Arkadagymyza täze merkezde ulanyljak elektrobuslaryň we elektrotaksileriň tehniki häsiýetnamalaryny, olaryň görnüşlerini, ýolagçy ulaglarynyň reňk özboluşlylygyny beýan edýän modelirlenen şekiller hem-de taslamalar görkezildi. Hormatly Arkadagymyz merkezde ýokary ekologik ýagdaýy saklamakda, ilatyň abadançylygyny üpjün etmekde elektrobuslara we elektrotaksilere möhüm ornuň degişli boljakdygyny belläp, ýolagçy ulaglarynyň reňk taýdan özboluşly görnüşde bolmalydygyna ünsi çekdi. Hormatly Arkadagymyz merkeziň degişli düzümleriniň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygynyň dowamynda täze şäherde gurulýan ýerasty ulag geçelgesiniň taslamasy, şeýle hem edara binalarynyň howlulary üçin niýetlenen derwezeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. 
Gahryman Arkadagymyz täze merkezde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň taslama görnüşleri hem-de aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, umumy meýdany 12,9 gektar bolan metjitde birbada 5,5 müň adam namaza durar ýaly şertler dörediler we onuň çäklerinde ugurdaş desgalaryň gurluşygy meýilleşdirildi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, aýratyn-da, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdelere degişli güwänamalary almak üçin geçirilen işler, şol sanda ugur görkeziji belgilere güwänamalaryň alnandygy barada habar berdi.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bir aýyň dowamynda binalary enjamlaşdyrmagyň we degişli sazlaýyş-gurnama işlerini geçirmegiň anyk wezipelerini kesgitläp, şu döwürde öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.


03.05.2026 14:32
14k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......

03.05.2026 13:49
6.9k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......

03.05.2026 13:30
1.4k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......

22.04.2026 14:54
3.6k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......