Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

  • 22.04.2026 14:54
  • 3.7k+

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim Gülşat Mämmedowa habar berdi.

Şeýle hem şäher häkiminiň aýtmagyna görä, baýramçylygyň çäklerinde Arkadag şäherinde ýöriteleşdirilen sergini guramak göz öňünde tutulýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çäreleriniň we ýöriteleşdirilen serginiň ahalteke bedewleriniň dünýä ähmiýetini hem-de halkyň öz däp-dessurlaryna bolan sarpasyny dabaralandyrmalydygyny belledi. Çäreleriň ýokary derejede guralmagynyň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şanly sene mynasybetli bagtyýar ýaşaýjylara täze öýleriň açarlarynyň gowşurylmagynyň goşa baýrama öwrüljekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda atşynaslygyň milli ýörelgelerini wasp edýän telegepleşikleri taýýarlamak bellenildi. Bu meselede ahalteke bedewleriniň üýtgeşik çydamlylygynyň nusgasy hökmünde 1935-nji ýyldaky Aşgabat — Moskwa atly ýörişi ýatlanyp geçildi.

Şeýle-de, geljekde şäherde Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigi we häzirki wagtda degişli meseleleriň öwrenilýändigi bellenildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, geljekde bu işler şäheriň durmuş we medeni derejesiniň ýokarlandyrylmagyna uly täsirini ýetirer.


01.06.2026 00:04
6.3k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......

25.05.2026 11:17
9.8k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

23.05.2026 15:48
6k+

Iýun aýynda ýurdumyzda nähili medeni-dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri we Arkadag şäheriniň 3 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçiriler....

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....