Reuters: Toshiba 22 mlrd dollara satyn alnyp bilner

  • 25.06.2022 13:08
  • 9.2k+

Birnäçe alyjy Ýaponiýanyň Toshiba korporasiýasyny satyn almaga gyzyklanma bildirýär we bu şertnama üçin, takmynan, 22 mlrd dollar teklip etmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Reuters agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

Agentlik potensial alyjylaryň biri hökmünde 2021-nji ýylda Toshiba-ny satyn almaga synanyşan Britaniýanyň CVC Capital Partners maýa goýum gaznasyny görkezýär. Şol wagt bu synanyşyk korporasiýanyň prezidenti Nobuaki Kurumataniniň işinden aýrylmagyna getirdi. Ol, paýdarlaryň pikiriçe, bu şertnamany amala aşyrmak üçin betnebis bähbitleriň ugrunda hereket etdi. 

Soňky ýyllarda Toshiba beýlekiler bilen bir hatarda 2015-nji ýylda maliýe hasabatynyň galplaşdyrylmagy sebäpli dörän dawa, şeýle-de 2017-nji ýylda amerikan bölümçesiniň bankrot bolmagy sebäpli ýüze çykan düýpli ýitgi bilen baglanyşykly çökgünligi başdan geçirdi. Bu ýagdaýy korporasiýanyň ýolbaşçylygy bilen esasy paýdarlaryň arasynda dowam edýän dawa hasam kynlaşdyrýar. 

düýn 20:25
2.3k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......