Jebeldäki täze howa menziliniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça teklipler makullanyldy

  • 25.06.2022 11:00
  • 22k+

24-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň, Merkezi bankyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň karz serişdelerini çekmegiň hasabyna, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça degişli teklipler döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda telekeçiler tarapyndan durmuşa geçirilýän iri düzümleýin taslamalary maliýeleşdirmäge halkara guramalardan maýa goýumlary çekmek arkaly olar bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň milli durmuş-ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, wise-premýer M.Muhammedowa meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 15:42
830

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
874

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
872

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......