Türkmen dokma önümleri Seuldaky sergide görkezildi

  • 24.06.2022 11:15
  • 8.5k+

23-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilýän “2022-Import harytlaryň sergisiniň” açylyş dabarasy boldy. Bu abraýly çärede Türkmenistan hem ilkinji gezek özüniň dokma senagatynyň kuwwatyny görkezýär. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerini, hususan-da, «Nusaý», «Gala», «Goza», «Merw», «Bedew» ýaly haryt nyşanly ýokary hilli egin-eşikleriň, trikotažyň, jinsiň, keteniniň, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Şonuň ýaly-da, milli pawilionda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary bilen birlikde döwletimiziň dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri barada gürrüň berýän kitapçalar, türkmen halylary, milli el işleri, zergärçilik önümleri ýaly ekspozisiýalar goýlupdyr.
Sergi öz işini 25-nji iýuna çenli dowam eder. Bu halkara sergä 60-dan gowrak ýurtdan 70 töweregi kompaniýa gatnaşýar.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......