Raşid Meredow Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky täze wekili bilen duşuşdy

  • 24.06.2022 11:17
  • 9.6k+

23-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze  direktory  Artur Andrisýak bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçilikleriniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 

Sebit we halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berdildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze direktoryny gutlady hem-de oňa bu jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.


şu gün 16:02
639

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......