Lebap welaýatynda Üçajy ― Zerger gaz geçirijisi ulanylmaga berildi

  • 18.06.2022 17:44
  • 12k+

Lebap welaýatyna saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyndan soňra, teleköpri arkaly Çärjewdäki gaz turbinaly elektrik stansiýasyny we welaýatyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen Üçajy ― Zerger gaz geçirijisiniň işine ak pata berdi.

Çärjew etrabynda ýerleşýän gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy 432 MWt-a deň.
Täze gaz geçirijiniň geçen ýylda açylyp ulanmaga berlen gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň iş güýjüni has-da artdyrjakdygyny nygtamak gerek. Geçen aýda «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynda öndürilen elektrik energiýasy 104 million 436 müň 460 kilowat sagada barabar boldy. Bu ýerden Owganystana, Özbegistana we Gyrgyzystana türkmen elektrik energiýasy eksport edilýär.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......