FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň geçiriljek şäherleriň sanawyny çap etdi

  • 17.06.2022 18:51
  • 19k+

Futboluň halkara federasiýasy (FIFA) öz Twitterinde 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň geçiriljek şäherleriniň sanawyny çap etdi.

Ýygyndylaryň arasyndaky baş halkara turniriň oýunlary ilkinji gezek birbada üç ýurtda — ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçer. ABŞ-da mundialyň ýer eýeleri Atlanta, Boston, Dallas, Hýuston, Kanzas-Siti, Los-Anželes, Maýami, Nýu-Ýork/Nýu-Jersi, Filadelfiýa, San-Fransisko we Sietl bolar. Meksikada dünýä çempionatynyň oýunlary Gwadalaharada, Mehikoda we Montereýde geçer. Kanadanyň çäginde oýunlar Torontoda we Wankuwerde geçer.
Golaýdaky dünýä çempionatynyň 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda Katarda geçjekdigini ýatladýarys.


şu gün 14:50
1.8k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....

şu gün 10:04
2.8k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

düýn 23:30
5.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.7k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......