Serdar Berdimuhamedow türkmen gazyny «swop» görnüşinde üçünji ýurtlara ibermegi teklip etdi

  • 16.06.2022 07:53
  • 16k+

15-nji iýunda geçirilen ýokary derejeli Tähran duşuşygynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gazy «swop» görnüşinde ibermek boýunça gazanylan ylalaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň degişli edaralaryna gazyň «swop» boýunça üçünji ýurtlara iberilmegini öwrenmegi teklip etdi.

Ýeri gelende nygtasak, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekilen üçtaraplaýyn «swop» şertnamasy 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hereket edip başlady. Şertnamada Türkmenistanyň tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegi göz öňünde tutulýar. «Swop» iki tarapyň arasynda ylalaşykda görkezilen şertlere laýyklykda, geljekde tölegleri alyş-çalyş etmek baradaky şertnamadyr. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalarynda ABŞ-nyň maliýe bazarlarynda peýda bolup başlan «swop» şertnamalarynyň maksady aktiwleriň gurluşyny wagt ýa-da hil taýdan gowulandyrmakdan, göterim derejeleriniň we walýuta hümmetiniň, şeýle-de çykdajylaryň ýaramaz üýtgemeginiň töwekgelçiligini azaltmakdan, girdeji gazanmakdan ybaratdyr.

Gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, elektrik energiýasy pudagynda iki ýurduň arasyndaky Mary — Maşat ýokary woltly elektrik ulgamynyň Eýran böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygy hem-de ulanmaga taýýardygy göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda bu ulgamyň türkmen böleginiň gurluşygyna ýakyn wagtda başlamak meselesine seredilýär. Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Eýranyň energoulgamy arkaly türkmen elektrik energiýasyny üçünji ýurtlara ibermäge başlamagy teklip etdi.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

13.03.2026 23:32
6.3k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.5k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...