Ýaponiýanyň ýeni 1998-nji ýyldan bäri rekord derejede arzanlandy

  • 14.06.2022 20:27
  • 18k+

Ýapon walýutasynyň alyş-çalyş bahasy 1998-nji ýyldan bäri rekord derejä çenli peseldi, häzir 1 dollar 135 ýen töweregi durýar diýip, Ýaponiýanyň Bankynyň dolandyryjysy Haruhiko Kuroda Geňeşçileriň palatasyny dolandyrmak boýunça komitetde (Ýaponiýanyň mejlisiniň ýokarky palatasy) habar berendigini Nikkei portaly ýazýar.

Onuň sözlerine görä, baha 13-nji iýunda günüň ikinji ýarymynda Tokionyň walýuta biržasynda düşdi we onuň arzanlaýşy «diýseň çalt depgine eýe». Ýagdaý ýapon ykdysadyýetine ýaramaz täsir edýär, şonuň üçinem hökümet «pul-karz syýasatyny ýumşatmagyny dowam etmek bilen», milli walýutany berk goldamalydyr diýip, ol aýtdy.
Ýeniň dollara gatnaşygynyň bahasy 1990-njy ýyllarda birden galyp ugrady, şonda 1 dollara 80 ýapon ýenini alyp bolýardy. 1998-nji ýylda ýapon walýutasynyň hümmeti 1 dollar — 130 ýena çenli peseldi, soň ýagdaý durnuklaşdy. 2000-nji we 2010-njy ýyllarda 1 dollar 100 ýapon ýenine deňdi. 2022-nji ýylyň ýanwarynda 1 dollar üçin 115 ýen hödürleýärdiler. Umuman alaňda, ýylyň başyndan bäri Ýaponiýanyň walýutasy 16%-den gowrak arzanlady, bir ýylyň dowamynda bolsa 22%-den gowrak peseldi.


düýn 18:11
3.2k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.3k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......