Serdar Berdimuhamedow Eýranda resmi saparda bolar

  • 14.06.2022 08:39
  • 12k+

15-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrar. Bu barada ýurduň resmi wekilleriniň maglumatlaryna salgylanyp, eýran habar beriş serişdeleri habar ýaýradýar. 

Habarlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti eýran kärdeşi Seýed Ebrahim Raisiniň çakylygy bilen bu ýurtda iň ýokary döwlet wezipesine girişenden soňra ilkinji gezek saparda bolar.
Ýokary derejeli türkmen wekiliýeti saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikleriň birnäçesini geçirer. Tähranda iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda türkmen-eýran gepleşikleri geçiriler. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm resminamalar toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......