Ýaş alymlaryň 72-si ylmy işler bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 13.06.2022 18:43
  • 8k+

11-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli, tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2022-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek hakynda Karara gol çekdi.

Seljeriş topary hödürlenen işleriň ähmiýetine baha berip, has mynasyp ýaş alymlaryň sanawyny tassyklady. Bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, 34 talybyň we ýaş alymlaryň 38-siniň işlerini ýeňiji diýip yglan etdi. Şunda hödürlenen taslamalaryň ähmiýeti, ylmy tarapdan täzeçilligi, ol taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak nukdaýnazaryndan zerurlygy göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, ylmy bäsleşikde ýaş alymlaryň 72-si has tapawutlanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Ýaş alymlaryň bäsleşiginde birinji we ikinji orunlara mynasyp bolanlara ýurdumyzda öndürilen planşet kompýuterleri, üçünji orny eýelänlere bolsa telewizorlar gowşuryldy.

Ýaş alymlaryň ylmy işler bäsleşiginiň ýeňijileriniň sanawy bilen «Türkmenistan» hem-de «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetleriniň 13-nji iýundaky sanlarynda dolylygyna tanşyp bilersiňiz.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......