Türkmen biržasy: bahasy 135 million dollara golaý 18 geleşik

  • 13.06.2022 10:40
  • 9k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Olaryň bahasy ABŞ-nyň 134 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Türkiýe Respublikasynyň we Owganystanyň işewürleri  Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen  suwuklandyrylan gazy hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen EСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplük hem-de jins matany satyn aldylar.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 973 müň 500 manada deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.


şu gün 12:31
2k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
470

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
670

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 09:41
2.5k+

Bloomberg: Dünýäniň iň baý 500 adamynyň baýlygy bir günde rekord $336 mlrd artdy

15-nji iýunda Nýu-Ýork gazna biržasyndaky söwdalaryň netijeleri boýunça dünýäniň iň baý 500 adamynyň şahsy baýlygy 336 milliard dollar artdy. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, bu görkeziji degişli......