YLYM – ÖMRÜŇ MANYSY

  • 12.06.2022 12:34
  • 12k+

Biziň halkymyz ruhy, medeni, ykdysady ösüşlerimize, milli buýsanjymyza çeşme bolup hyzmat edýän her bir ugry aýratyn baýram hökmünde belläp geçýär. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem ylymdyr. Türkmenistan döwletimizde her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň uly toý-dabara bilen bellenilip geçilmegi munuň güwäligi. Ösüşe ýardam berýän ähli ylmy ugurlary bir maksada gönükdirmek, olaryň özara baglanyşygyny göz öňünde tutup, ylmy taslamalary işläp düzmegiň, durmuşa ornaşdyrmagyň utgaşykly we sazlaşykly ýoluny saýlap almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işine täzeden badalga berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylda çykaran Karary esasynda 12-nji iýun Ylymlar güni diýlip kesgitlenildi. Bu baýram biziň ýurdumyzda ilkinji gezek 2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda bellenildi we şondan bäri hem döwletiň hem-de milletiň aýratyn üns berýän baýramlarynyň birine öwrülmegi başardy. 

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy iň ýokary ylmy edaradyr. Ähli ylmy-barlag institutlarynyň bir merkezi ylym ojagyna jemlenmegi döwletlilikden, agzybirlikden we ösüşe sary  ruhubelent gadam goýmakdan nyşan. Aňly-düşünjeli, ylymly ýaşlaryň ýetişmegi üçin aspiranturalaryň we doktoranturalaryň işiniň ýola goýulmagy eýýäm öz hasylyny berip başlady. Ylmy derejelere dalaşgärleriň sanynyň günsaýyn artmagy, özleriniň ylmy pikirleri, oýlap tapyjylykly taslamalary bilen ylym merkezleriniň bosagasyndan ätleýän ýaşlaryň, hatda mekdep okuwçylarynyň hem bolmagy guwanylmaly ýagdaý. Ýaşlaryň ylym taýdan başarnyklaryny güýçlendirmek we  oýlap tapyjylyga, täze açyşlary etmäge bolan höwesini artdyrmak üçin her ýylda ýaşlaryň arasynda döwlet derejesinde ylmy bäsleşikleri yglan edýär. Bu ylmy bäsleşiklerde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda giňden ornaşdyryp boljak ylmy açyşlar, gumanitar ugurdaky täze üstünlikler we beýlekiler dogrusynda çuňňur many-mazmunly ylmy pikirler öňe sürülýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda her ýylda Ylymlar gününiň öňýanynda bu ylmy bäsleşigiň ýeňijileri yglan edilýär. Şeýle bäsleşikler mekdep okuwçylarynyň arasynda hem geçirilýär. Döwlet we halkara derejesindäki mekdep olimpiadalary türkmen ýaşlarynyň ylym basgançaklaryna ynamly gadam basýandygyny görkezýär.

Ylym ynsan ömrüne bezeg bolup, ol ähli ömürde we döwürde hem zynatyny egismeýär.   Ylym eýesini terk etmeýän hazynadyr, nirä gitse, ol hem şonuň ýanyndadyr.  Aslynda, ylym ýaly, bilmek, öwrenmek, özleşdirmek ýaly gowy zat ýok. Özümize gyzykly we gerekli zatlary bilmek arkaly gazanyp bilýäris. Ynsanyň durmuşda duçar bolýan ähli ahwaly, ýetýän derejesi,  gazanýan bagty näçe ugurdan ybarat hem bolsa, olaryň ählisiniň özeninde bilmek, öwrenmek, gözlemek diýen düzgünler ýatyr. Ösüşe ýugrulan islendik ýurtda ylym-bilime gönükdirilýän üns ýokary bolýar. 

TMCARS.INFO hormatly Prezidentimizi, şeýle hem ähli türkmen halkyny Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýar. Geljegimizi ýagtylandyryp, ykballarymyzy nurlandyrýan ylym menzillerinde hemişe  üstünlikleriň, rowaçlyklaryň hem-de şowlulyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýär. Pursatdan peýdalanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini hem gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olara ylym ýolundaky yhlaslarynyň hasylly, aýgytly ädimleriniň batly, ylmy pikirleriniň hemişe netijeli bolmagyny arzuw edýär!


düýn 20:39
3.6k+

Pomidorlar "gygyrýar": alymlar ösümlikleriň seslerini ýazga aldylar

Ösümlikler agyryny duýanda özboluşly "gykylyk" çykarýarlar. Tel-Awiw uniwersitetiniň alymlary 2023-nji ýylda pomidor we temmäki ösümlikleri bilen geçirilen synaglar wagtynda olaryň azar berlende çykarýan......

28.04.2026 23:08
2.5k+

Genetikler DNK analizi arkaly rim imperatory Otto I-niň şahsyýetini tassykladylar

Magdeburg ybadathanasyndan tapylan galyndylaryň imperator Otto I-niňkidigi genetiki derňewler arkaly tassyklandy. Bu barada alymlar DNK barlaglaryny geçirenlerinden soň habar berdiler....

28.04.2026 17:38
3.1k+

Daşky magnit meýdany bolmadyk täsin magnit döredildi

Daniýaly alymlar täsin bir material – hrom-pirazin (Cr(pyrazine)₃) atly magnit oýlap tapdylar. Onuň adaty magnitlerden esasly tapawutly tarapy, özünde magnit güýji bar bolsa-da, daşyna hiç hili magnit......

27.04.2026 23:19
5.2k+

Saturnyň hemrasynda hatda ýeňiljek şemal hem uly tolkunlary döredip biler

Planetologlar tolkunlaryň emele gelişiniň mehanizmlerini düşündirýän uniwersal fiziki modeli işläp düzdi. JGR Planets žurnalynda çap edilen bu barlag Saturnyň Titan atly hemrasynda, hatda örän gowşak ýelleriň......